Ter miweleriň we ir-iýmişleriň ýetişýän möwsüminiň gelmegi bilen «Zyýat Hil» konditer dükanlary zynjyry müşderilerini tagamly we hoşboý ysly tortlardan lezzet almaga çagyrýar. Bu ajaýyp süýjülikler islendik dabaranyň bezegine öwrüler ýa-da bir käse çaýyň başynda ýakymly tagamy bilen begendirer.
«Zyýat Hilde» ýertudana, banan, alma, apelsin we beýleki möwsümleýin miweler peýdalanyp taýýarlanan köp sanly tortlar hödürlenýär. Müşderiler taýýar görnüşleri satyn alyp bilerler ýa-da hususy dizaýny esasynda tort sargyt edip, onda tagam we bezeg babatda isleglerini durmuşa geçirip bilerler.
«Zyýat Hil» konditer dükanlary zynjyry ýokary hilli önümleri bilen meşhurdyr. Tortlar taýýarlananda täze önümler ulanylýar, bu bolsa her bir süýjüligiň özboluşly tagamyny kepillendirýär.
Habarlaşmak üçin maglumatlar:
- Büzmeýin etraby, Abadan şaýoly, 254, habarlaşmak üçin telefonlar (+993 12) 35 37 13 we (+993 62) 02 13 61;
- Garadaşaýak ýaşaýyş toplumy, «Seýran» söwda merkezi, telefonlar (+993 12) 29 35 03 we (+993 62) 02 13 62;
- Gurtly ýaşaýyş toplumy, 3, 1-nji gat, telefonlar (+993 12) 97 95 06 we (+993 62) 02 13 63.
Sosial ulgamdaky sahypasy.
150 manatdan başlaýan bahadan süýjülik sargyt edilende «Zyýat Hiliň» Aşgabadyň we Gökdepe etrabynyň içine eltip bermek hyzmatyny mugt amala aşyrýandygyny ýatladýarys.