Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen zyýaratçylary mukaddes Käbä zyýarat edýärler

15:5314.06.2025
0
18213

Ozal habar berşimiz ýaly, şu günler Saud Arabystany Patyşalygyna zyýarata giden türkmenistanlylar keramatly Mekge we Medine şäherlerinde bolup, haj parzlaryny berjaý edýärler. Olar mukaddes Käbäniň daşyndan aýlanyp, il-ýurt abadançylygy barada dileg-dogada bolýarlar.

Ýakynda türkmen zyýaratçylary bu ýerde Gurban baýramy günlerinde agzybirlikde sadaka berdiler.

Türkmen zyýaratçylary yslam dünýäsiniň merkezi hasaplanýan mukaddes Mekgede bolup, keramatly Käbä togap etdiler. Ýedi ýola Sapa we Merwe daglarynyň aralygyny geçdiler. Olar Ýer ýüzüniň ähli künjeklerinden gelen musulmanlar bilen bilelikde haj parzyny berjaý edip, mukaddes Medinede Muhammet pygamberiň we onuň sahabalarynyň aramgählerine, belli metjitlere we beýleki keramatly ýerlere zyýarat etdiler.

Gurbanlyk sadakasynda tebärek çykylandan soňra milli tagamlar çekildi, sadaka gatnaşýan adamlara hezzet-hormat edildi. Berlen sadakanyň dowamynda okalan aýat-töwirlerde mukaddes Gurban aýynda berlen sadakalaryň, edilen zyýaratlaryň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagy dileg edildi.

Zyýaratçylar mukaddes däp-dessurlary, musulman dünýäsindäki parz işleri berjaý etmäge döwlet tarapyndan döredilýän şeýle giň mümkinçilikler üçin hoşallyklaryny beýan edýärler.

Belläp geçsek, şu ýyl mukaddes Gurban baýramynyň bellenilýän günlerinde türkmenistanlylaryň 2 müň 844-si yslam dünýäsiniň mukaddesliklerine zyýarat edip, haj parzlaryny berjaý etmekleri üçin ugradyldy. Şolaryň 289-sy döwlet tarapyndan, 2 müň 555-si bolsa öz serişdeleriniň hasabyna iberilenlerdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
OSZAR »