Russiýa we Täjigistan bilelikdäki «Sangtudinsk GES-1» kärhanasynyň öňünde toplanan elektrik energiýasy üçin bergileri tapgyrlaýyn geçmek barada ylalaşyga gol çekdiler. Bu barada Täjigistanyň Parlamentiniň aşaky palatasy tarapyndan tassyklanan tewsirnamanyň maglumatlaryndan belli boldy diýip, «Daryo.uz» ýazýar.
Russiýanyň öňündäki bergileriň umumy möçberi 300 million dollara deňdir. RF-iň energetika ministri Sergeý Siwilýew bilen Täjigistanyň energetika ministri Daler Jumanyň arasynda apreliň aýagynda gol çekilen resminama laýyklykda, bergiler 2034-nji ýylyň ahyryna çenli tapgyrlaýyn ýatyrylar.
Ady tutulan elektrik stansiýasynyň kuwwatlylygy 670 MWt bolmak bilen, ol Täjigistanda elektrik energiýasynyň çykarylyşynyň 12 göterime golaýyny üpjün edýär diýlip, habarda bellenýär.