Maryda Murgap derýasynyň jülgesindäki howa baha bermek we howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça okuw geçirildi. Üç günlük okuw Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk jemgyýetiniň sebit maksatnamasynyň çäginde geçdi. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, sapaga döwlet we hususy pudaklaryň, Türkmenistanyň Gidrometeorologiýa gullugynyň, Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň, Tebigaty goramak jemgyýetiniň, «Marysuwhojalyk» önümçilik birleşiginiň we Döwlet energetika institutynyň wekilleri gatnaşdy.
Okuwyň barşynda dürli ekologik meseleleri çözmek we ýagdaýlardan baş alyp çykmak boýunça tejribedir bilim alşyldy. Okuwa gatnaşanlar howanyň üýtgemegine uýgunlaşmaga çemeleşmeler babatynda umumy düşünje döretdiler.
Şonuň ýaly-da, okuwyň dowamynda hyzmatdaşlygyň ösmegine we ähli gyzyklanýan taraplaryň Murgap derýasynyň jülgesindäki howa baha bermek we howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak işine çekmäge möhüm orun berildi. Uýgunlaşdyryş çäreleriniň sanawy hem işlenip düzüldi.