Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Luwrdaky «Jokondany» aýratyn jaýa göçürerler

14:3423.06.2025
0
15508
Luwrdaky «Jokondany» aýratyn jaýa göçürerler
Surat: Snob.ru

Nusgawy nakgaş Leonardo da Winçiniň «Jokonda» («Mona Liza») atly meşhur eseri Parižiň Luwr muzeýinde aýratyn jaýda ýerleşdiriler. Bu barada Fransiýanyň Prezidenti Emmanýuel Makron muzeýde çykyş edende aýtdy diýip, «TASS» habar berdi. Indiden beýläk bu sungat eserini synlamak üçin aýratyn petek satyn almaly bolar.

Fransuz Prezidentiniň aýtmagyna görä, bu täze düzgünler muzeýe gelýänleriň sanyny azaltmaklygy göz öňünde tutýar. Taslama «Luwryň Renessansy» diýlen maksatnamanyň bir bölegi bolar. Onda şeýle hem muzeýe täze girelgäni döretmek göz öňünde tutulýar.

Leonardo da Winçi «Jokondany» Florensiýadaka döretdi, emma 1516-njy ýylda ýany bilen Fransiýa alyp gitdi. Suratkeş aradan çykandan soňra eseri 1519-njy ýylda fransuz koroly Fransisk I satyn aldy. Eser tä Lýudowik XIV döwrüne çenli Fontenblo köşgünde saklandy. Lýudowik XIV soň ony Wersal köşgüne göçürdi, XVIII asyryň aýagyndaky Fransuz rewolýusiýasyndan soňra «Jokonda» Luwr muzeýine berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
OSZAR »