Hytaýyň Szinhua şäherinden ilkinji ýük otlusy Azerbaýjana tarap ýola düşdi. Ol Türkmenistanyň çäginden geçer. Has takygy, otly Türkmenbaşynyň halkara deňiz porty arkaly Hazar deňzine çykar hem-de ýükleri Azerbaýjana elter. Munuň özi Hazarüsti halkara ulag geçelgesiniň täze böleginiň resmi taýdan işe başlandygyny aňladýar. Bu barada «Trend» ýazýar.
Otly 100 sany standart konteýnerden bolup, onuň ýüki, esasan, egin-eşiklerden, aksessuarlardan, metal detallaryndan we beýleki harytlardan ybarat.
Otlynyň ugry otly Gazagystan bilen serhetleşýän Horgos geçelgesinden geçer. Soňra ol Almaty, Daşkent we Aşgabat şäherleriniň üsti bilen Türkmenistanyň çäginde ýoluny dowam etdirer. Türkmenbaşy şäherinden harytlar Hazar deňzi arkaly Azerbaýjanyň Baku portuna ugradylar diýlip, habarda bellenilýär.