Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Eýwanlardan panoramalara çenli: «Maksatly Türkmen» kompaniýasy islendik wezipeler boýunça işleýär

12:1125.06.2025
0
19841

«Maksatly Türkmen» kompaniýasy penjire we gapy ulgamlarynyň görnüşlerini giňeltmek bilen, hususy jaýlar we kottejler üçin innowasion çözgütleri hödürleýär. Kärhananyň hünärmenleri energiýany tygşytlaýjy gurluşygyň talaplaryna laýyk gelýän, ýokary ýylylyk we ses geçirmeýän aýratynlyklary bolan konstruksiýalary işläp düzýärler.

Önümçilikde şahsy çemeleşme ulanylýar - kompaniýa adaty bolmadyk görnüşleri we ölçegleri öz içine alýan islendik çylşyrymlylykdaky taslamalary durmuşa geçirmäge taýýardyr.

Katalogda şu aşakdakylar hödürlenýär:

  • häzirki zaman penjire ulgamlary (panoramaly, süýşürilýän, çarçuwasyz konstruksiýalar);
  • gapynyň dürli hili çözgütleri (açylýan, portally, «garmon» görnüşindäki eplenýän modeller);
  • eýwanlary, terrasalary we tälerleri aýna bilen örtmek hyzmatlary.

Kärhana işleriň doly tapgyryny amala aşyrýar: taslamany düzüp, önümi taýýarlamakdan başlap, ýokary hilli materiallary we furniturany ulanyp, kämil derejede gurnamaga çenli ähli işleri ýerine ýetirýär.

Kompaniýanyň edarasy Aşgabat şäheriniň G. Gulyýew köçesiniň 28-nji jaýynda ýerleşýär.

Aragatnaşyk maglumatlary:

telefonlar: 75 41 11, 75 42 22, 59 53 53, 59 53 33;

sosial ulgamdaky sahypasy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
OSZAR »