Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gresiýanyň Hios adasynda tokaý ýangynlary tutaşdy

18:1827.06.2025
0
17829
Gresiýanyň Hios adasynda tokaý ýangynlary tutaşdy
Surat: Pogoda.mail.ru

Ýüzlerçe ýangyn söndürijiler eýýäm dört gündür, Hios grek adasyndaky tokaý ýangynlaryna garşy göreşýärler. Tokaý ýangynlary 22-nji iýunda başlanyp, üç günde dört müň gektary eýeledi.

Ýerli häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý düzgünini yglan etdiler, birnäçe oba göçürildi.

Ýagdaýy güýçli şemal has-da kynlaşdyrýar. Ýangyny söndürmäge 400-den gowrak halas ediji gatnaşýar.

«Reuters» habarlar agentligi çeşmelere salgylanyp, ýangyna günäli diýlip aýyplanýan gruziýaly zenanyň saklanandygyny habar berdi. Ol öçürilmedik çilimi ýere taşlap, ýangynyň döremegine sebäp bolupdyr.

Hios Egeý deňziniň iri adalarynyň biridir. Ol Gresiýanyň bäşinji uly adasy. Gresiýada yssy we gurak tomus paslynda tokaý ýangynlary köp bolýar. Ýerli häkimiýetler ýangynlaryň soňky döwürde has-da köpelendigini aýdýarlar. Olar munuň howanyň üýtgemegi bilen bagly bolmagynyň mümkindigini çaklaýarlar.

Bu barada «Pogoda.mail.ru» habar berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
OSZAR »