«Vietnam Airlines» awiagatnadyjysynyň iki uçary Noýbaý şäheriniň howa menzilinde çakyşdy. Bu barada «Dan Tri» neşiri habar berdi.
Ýurduň raýat awiasiýasy edarasynda wakada hiç kim ejir çekmändigi barada beýanat berdiler.
Habarda «Airbus A321» uçarynyň uçuşa gönügýän ýodajykda durka, oňa gelip gonan hem-de duralga ugur alan «Boeing 787» uçarynyň urulandygy aýdylýar. Netijede, «Airbus» uçarynyň guýruk bölegine zeper ýetdi. Howa menzili köp gatnawlary ýatyrmaly ýa-da başga wagta geçirmeli boldy.