Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Antalýedäki haýwanat bagyndan gaçan ýolbarsy atdylar

18:3207.07.2025
0
16336
Antalýedäki haýwanat bagyndan gaçan ýolbarsy atdylar
Surat: PAN Haber

Türkiýäniň Antalýesiniň Manawgat etrabyndaky haýwanat bagynda kapasadan gaçan Zews lakamly ýolbars atylyp, ýok edildi diýip, «Mynet» portalyna salgylanýan «MIR 24» habar berdi.

Ýyrtyjy gije sagat iki töwerekleri kapasadan gaçdy, ol irden bir adama hüjüm edip, agyr şikes saldy. Erkek kişini hassahana ýerleşdirdiler. Hukuk goraýjylar ýolbarsy tutmak üçin iş geçirdiler. Uçarmansyz enjamyň kömegi bilen ony tapmak başartdy, ýolbarsy atdylar.

Manawgatdaky «Lion Land» haýwanat bagynda 30 töweregi ýolbars saklanýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
OSZAR »