Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Eger-de Ýer şary 5 sekuntlyk kislorodsyz galsa näme bolar?

0
3276

Ýer ýüzünde diňe birje pursatlyk, bary-ýogy bäş sekuntlyk kislorod gutarýar diýip göz öňüne getirip görüň. Planetamyzyň atmosferasynyň 21 göterimi töweregini düzýän bu gaz ähli janly-jandarlaryň ýaşamagy üçin iňňän möhümdir. Hatda ol has gysga pursatlyk bolmadyk ýagdaýynda hem uly heläkçilikli netijelere sebäp bolup biler.

Mysal üçin, adam bäş sekuntlap demini saklap ýaşap biler. Inžener-tehnolog Jeffri Widdinsonyň belleýşi ýaly, bedenimiz kislorodyň ýoklugyny gönüden-göni duýmaýar-da, diňe kömürturşy gazyň derejesiniň ýokarlanýandygyny duýýar. Heniz bu dereje ganda has ýokary derejä baryp ýetýänçä, biz dem ýetmezçiligini duýmaýarys.

Şeýle-de bolsa, kislorodyň ýitip gitmeginiň netijeleri agyr ýagdaýlara eltýär. Ilki bilen, bizi Günüň zyýanly ultramelewşe şöhlelerinden goraýan ozon gatlagy ýok bolup gider. Bu pursatda açyk howada bolan adamlar erbet Gün urmasyna sezewar bolarlar.

Mundan başga-da, ähli janly-jandarlar duýdansyz we örän agyryly ýagdaýda eşidiş ukybyny ýitirmek duýgusyny başdan geçirerler. Atmosfera basyşynyň birbada 20%-den gowrak peselmegi sebäpli gulaklary ýarylar.

Görüşde hem düýpli üýtgeşmeler bolar. Gözler fiziologiki taýdan üýtgemese-de, dünýä düýbünden garaňky bolup görner. Kislorod Gün şöhlesiniň ýaýramagynda möhüm orny eýeleýär we onsuzam garaňkylyga düşeris. Bu garaňkylykda içerki ýangyç hereketlendirijileri durar, awtoulaglar togtar we asmanda uçarlaryň hereketi bes eder. Ýeriň üç bölegi kislorod bolan ummasyz mukdardary suwlary bugaryp başlar.

Berla tehnologiýalar we ylymlar institutynyň (Hindistan) inženerçilik ylymlarynyň bakalawry Hannan Sundar ummanlaryň kislotalaşmagy we wodoroda öwrülmegi bilen kislorodyň ýitmeginiň global partlama sebäp boljakdygy baradaky pikiri öňe sürýär.

Kislorodyň hökmany elementinden mahrum bolýan betondan gurlan binalar derrew tozana öwrüler.

Ýeke-täk gowulyga boljak zat ähli ýangynlaryň sönmegidir. Çünki kislorod bolmazdan, ot ýanyp bilmeýär. Şeýle-de bolsa, kislorod atmosfera gaýdyp gelse, alawlar täzeden güýçlener.

Häzirki wagtda bu diňe gipotetiki ssenariýa bolsa-da, alymlar uzak geljekde onuň bolmak ähtimallygynyň azda-kände mümkindigi barada belleýärler. Gözlegler soňky 0,8 million ýylda Ýeriň atmosferasynda kislorodyň konsentrasiýasynyň kem-kemden azalandygyny görkezýär. 2021-nji ýylda geçirilen bir gözlegiň netijesine görä, kislorodyň doly ýitmegi sebäpli “dünýäniň soňy” ýene milliard ýyldan, ýagny 1 000 000 021-nji ýylda bolup biler. Bu ýagdaýda diňe planetamyzyň ilkinji ýaşaýjylaryna meňzeýän bakteriýalar diri galar diýýärler.

Şundan görnüşi ýaly, kislorodyň örän uly ähmiýete eýedigi we ýaşamagymyz üçin näderejede onuň ornuna düşünmek bizi has-da ekologiýa taýdan jogapkärçilikli bolmaga itermelidir. Bu gipotetiki ssenariýanyň görkezişi ýaly, hatda örän gysga wagtlyk kislorod ýetmezçiligi hem katastrofiki netijelere sebäp bolup biljek ekeni.

Peýdalanylan çeşmeler: www.vokrugsveta.ru

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar
OSZAR »