Daşoguzly meşhur keramika ussady Bahtiýar Hojanyýazow Russiýanyň Sungat akademiýasynyň daşary ýurtly hormatly agzalygyna saýlandy. Russiýanyň Sungat akademiýasynyň prezidenti Wasiliý Sereteliniň ýolbaşçylygynda geçirilen dabaraly çärede türkmen ussadyna degişli agzalyk şahadatnamasy gowşuryldy. Bu çärä Türkmenistanyň Russiýadaky ilçisi E.Aýdogdyýew hem-de Russiýanyň medeniýet işgärleri we halkara guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Bu barada «nCa» portaly habar berdi.
Bahtiýar Hojanyýazow Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligi bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär. Ol Köneürgençde ýerleşýän Nejmeddin Kubranyň, Soltan Tekeşiň aramgähleri hem-de Törebeg hanymyň mawzoleýi ýaly taryhy ýadygärlikleriň glazur örtüginiň ýitip giden böleklerini dikeltmek işine gönüden-göni gatnaşýar.
Türkmenistanyň at gazanan sungat işgäri Bahtiýar Hojanyýazowyň eserleri şu wagta çenli Eýran, Türkiýe, ABŞ, Hindistan, Özbegistan ýaly ýurtlarda sergilendi. Şeýle-de 2019-njy ýylyň sentýabr aýynda Özbegistanyň Kokand şäherinde geçirilen I halkara amaly-haşam sungaty festiwalynda Bahtiýar Hojanyýazow «Iň gowy hünärment» diýen ada mynasyp boldy we abraýly baýrak bilen sylaglandy.