Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Hepdäniň dowamynda +44 gradusa çenli yssa garaşylýar

12:4223.06.2025
0
16272
Hepdäniň dowamynda +44 gradusa çenli yssa garaşylýar
Surat: THP

Şu hepde Türkmenistanyň sebitlerinde howanyň +44 gradusa çenli yssy bolmagyna garaşylýar. Bu Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň Türkmenistanda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumatynda aýdylýar. «Türkmenistan» gazetinde çap edilen maglumatda şeýle diýilýär:

Aşgabatda az-kem bulutly, hepdäniň ortasynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 10 — 13 metrden 14 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +18... +20 gradusdan +26... +28 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +31... +33 gradus maýyldan +40... +42 gradus aralygynda yssy bolar.

Balkan welaýatynda az-kem bulutly, hepdäniň ortasynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 —13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +16... +21 gradusdan +21... +26 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +34... +39 gradus yssy, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +29... +34 gradus maýyl bolar.

Ahal welaýatynda az-kem bulutly, hepdäniň ortasynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +17... +22 gradusdan +24... +29 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +30... +35 gradus maýyldan +38... +43 gradus aralygynda yssy bolar.

Mary welaýatynda az bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +18... +23 gradusdan +24... +29 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +30... +35 gradus maýyldan +39... +44 gradus aralygynda yssy bolar.

Lebap welaýatynda az bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +18... +23 gradusdan +24... +29 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +31... +36 gradus maýyldan +39... +44 gradus aralygynda yssy bolar.

Daşoguz welaýatynda az-kem bulutly, hepdäniň ortasynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan günorta-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +16... +21 gradusdan +23... +28 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +27... +32 gradus maýyldan +36... +41 gradus aralygynda yssy bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
OSZAR »