Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Nýu-Ýorkly alym TDIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynda okuw sapagyny geçirdi

09:3818.06.2025
0
11003

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň «Fulbright» alyş-çalyş maksatnamasynyň hünärmeni, doktor Melda Ýyldyzyň Aşgabada iş saparynyň çäklerinde institutyň professor-mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda STEM (ylym, tehnologiýa, inženeriýa we matematika) ugurlary boýunça «Ýokary bilimde sanlylaşdyrma, IT we emeli aň» atly okuw sapagy geçirildi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiri habar berdi.

Onuň dowamynda okatmagyň STEM ulgamynyň bilim ulgamynda ulanylmagynyň aýratynlygy we onuň bilimi sanlylaşdyrmakda emeli aň bilen bilelikde peýdalanylmagy barada giňişleýin gürrüň berildi. Hünärmeniň aýtmagyna görä, geljekde STEM-iň goruna döredijilik elementleriniň goşulmagy şahsy oýlap tapyşlary — oýun enjamlaryny, şeýle hem mümkinçiligi çäkli bolan adamlar üçin durmuşy ýeňilleşdirýän enjamlary döretmegi aňsatlaşdyryp biler. Şol bir wagtyň özünde döredijilik hünärleri, köplenç, ylmy maglumatlara daýanýarlar: sazandalar we saz gurallaryny öndürijiler akustika, materiallaryň ses geçirijiligi, kompozitorlar aýdym ýazanda matematiki ýörelgeleri ulanýarlar. Şeýle taslama esasly okatmak usullary ýaş nesliň bilime bolan gyzyklanmasyny ýokarlandyrýar. STEM taslamalary ýaşlara diňe bir teoriki bilimi däl, eýsem, amaly başarnyklary hem öwredýär.

Mundan başga-da, STEM taslamasy esasynda ýokardaky ugurlardan başga-da, sungat bilen baglanyşykly goşmaça düzüm böleklerini öz içine alýan STEMM, STEAM we STREAM programmalary döredildi. STEMM goşmaça ugur hökmünde aýdym-sazy öz içine alýar, STEAM-da sungaty (Art) öwrenýärler, STREAM-da bolsa edebiýat esasy ugurlaryň hataryna goşulýar.

Okuw sapagynyň soňunda talyplar özlerini gyzyklandyran soraglara giňişleýin jogaplary aldylar.

Şeýle-de myhman üçin institutyň çäginde gezelenç guraldy. Myhman türkmen diplomatiýasynyň taryhy muzeýi, «Parahatçylyk medeniýeti» atly ÝUNESKO kluby, türkmeniň ak öýi we institutyň okuw studiýasy bilen tanyşdyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
OSZAR »