Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde «Oguz hanyň zehinli nesilleri» atly III integrirlenen olimpiadanyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.
Bu olimpiada ýurdumyzyň mekdepleriniň 9–12-nji synplarynyň zehinli okuwçylary gatnaşdylar. Netijede, 33 okuwçy baýrakly orunlary eýeledi, şolardan 11-si ýeňiş gazanyp, 1-nji orna mynasyp boldy.
1-nji orny eýelänleriň hatarynda: Pälwan Ilmämmedow, Maksat Tyllaýew, Rüstem Jumаýew, Diýar Döwletow, Hudaýguly Hudaýberenow, Aýlar Orunowa we Näzli Serdarowa – Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen internat mekdebiniň okuwçylary; Ülker Ahmedowa we Şatlyk Jumageldiýew – Aşgabat şäheriniň 86-njy orta mekdebinden, şeýle hem Ýusup Resulow we Parahat Ojarow – paýtagtymyzyň 87-nji orta mekdebiniň okuwçylary.
«Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar berşine görä, dabaranyň dowamynda olimpiadanyň ýeňijilerine we baýrakly orunlara mynasyp bolanlara medallar, diplomlar hem-de uniwersitetiň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Matematika, fizika, himiýa we biologiýa boýunça geçirilen «Oguz hanyň zehinli nesilleri» atly III integrirlenen olimpiada 3 tapgyrdan ybarat bolup, şu ýylyň mart aýynda başlady. Birinji tapgyra ýurt boýunça 2500 okuwçy gatnaşdy. Olaryň arasynda saýlanyp alnan 1000-den gowragy ikinji tapgyra geçip, intellektual bäsleşigi dowam etdirdiler. Netijede, final tapgyryna dersler boýunça iň gowy 60 zehinli okuwçy gatnaşdy.
Finala çykanlaryň ählisi «Oguz hanyň zehinli nesilleri» uniwersitetiň Altyn gaznasynyň düzümine girizildi, bu bolsa olaryň bu ýokary okuw mekdebine ýeňillikli girmegine mümkinçilik berýär – diýip, neşirde bellenilýär.